Iň täze habarlar

Hakyky emeli aňly ilkinji akylly telefon döredildi: ol bäş reňkde elýeterli bolar

21.10.2024 | 14:02 |
 Hakyky emeli aňly ilkinji akylly telefon döredildi: ol bäş reňkde elýeterli bolar

Honor Magic 7 hakyky emeli aňly ilkinji akylly telefon döredildi.

Ol “Honor” kompaniýasynyň Baş direktory Çžao Min tarapyndan tanyşdyryldy. “Kofe sargamak” ýumuş buýrlanda, Honor Magic 7 smartfony awtomatik usulda gözlegi, sargydy we eltip bermäni ýerine ýetirip, satyn almanyň tölegini amala aşyrmagy teklip etdi.

Täze smartfon bäş reňkde elýeterli bolar: çal, ak, gök we gara, şeýle hem adaty Magic 7 üçin üýtgeşik bolan altyn reňkde.

Honor Magic 7 512 GB ýa-da 1 TB fleş-ýady hödürläp, Pro görnüşi bolsa goşmaça 256 GB mümkinçiligini berýär.

Esasy aýratynlyklarynyň arasynda 3D Face Unlock kämilleşdirilen funksiýasy hem-de barmak yzlarynyň ultrases kesgitlemegi. Täze smartfon Honor döwrebaplaşdyrylan periskopik zum-kameralary bilen enjamlaşdyrylan.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: