Iň täze habarlar

Hytaý adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygynda öz liderligini mälim etdi

18.10.2024 | 14:35 |
 Hytaý adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygynda öz liderligini mälim etdi

Hytaý adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygynda dünýä lideri boldy. Bu barada HHR-iň Senagat we maglumatlaşma ministri Szin Çžuanlun habar berdi.

Mysal üçin, ýurduň awtomobil senagatynyň tor ulgamy muňa şaýatlyk edýär.

Hytaýdaky intellektual taýdan birikdirilen awtomobil ulgamy baza çipleriniň, datçikleriň, hasaplaýyş platformalarynyň, şassi dolandyrmak ulgamynyň önümçiligini, şeýle hem ulgamlaýyn bulutly dolandyryşyny öz içine alýar.

50-den gowrak hytaý şäherleri akylly birikdirilen ulag serişdeleriniň ýol barlaglarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurtda 32 müň km barlag ýollary hereket edýär, 10 müň km golaý ýollarda intellektual birikdirmeler tamamlandy, 8,7 müň km gowrak degişli ýol enjamlary ornaşdyryldy.

Geljekde Hytaý bu pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmegi, senagat ekologiýasynyň täze görnüşini döretmegi, Hytaýyň intellektual birikdirmeli awtomobil senagatynyň ýokary hilli we durnukly ösüşine ýardam bermegi göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: