Iň täze habarlar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň woleýbolçylary CAVA-2024 çempionatynda yzly-yzyna üçünji ýeňişini gazandylar

20.10.2024 | 04:22 |
 Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň woleýbolçylary CAVA-2024 çempionatynda yzly-yzyna üçünji ýeňişini gazandylar

Türkmen ýygyndysy, Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa woleýbol Assosiasiýasynyň (CAVA-2024) çempionatynda üstünlikli çykyşlaryny dowam edýär.

Üçünji tapgyra, türkmen woleýbolçylary Täjigistan toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi (25:14, 25:18, 25:14).

Screenshot_20241020_222300_YouTube.jpg

Munuň netijesinde Serdar Täçnazarowyň topary mümkin bolan 9-dan 8 utuk gazandylar.

Screenshot_20241020_221413_YouTube (1).jpg

Ozal habar berişiiz ýaly, Türkmenistan topary birinji tapgyrda Owganystandan (3: 0) üstün çykyp, soňra Maldiw adalaryny (3: 2) ýeňip, ýaryşda ynamly barýar.

Türkmen topary üçin indiki oýun birinji ýer ugrundaky göreşde aýgytly bolar. 22-nji oktýabrda türkmen woleýbolçylary gyrgyz ýygyndysy bilen duşuşar. Bu topar hem 100% netije bilen ýaryşy dowam edýär.

Türkmenistan-Täjigistan oýny Aşgabat wagty bilen 13:30 bolup, CAVA Media YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler. Çempionat 24-nji oktýabrda tamamlanar.

ORIENT news

Foto: CAVA Media

Şeýle hem okaň: