Iň täze habarlar

Petronas – “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” Halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy

20.10.2024 | 18:00 |
 Petronas – “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” Halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy

Petronas kompaniýasy özüniň Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd (PC(T)SB) golçur kompaniýasy arkaly “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” 29-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň Altyn hyzmatdaşy diýlip atlandyryldy. Bu möhüm waka Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Maslahatyň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle hem Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy çykyş edýär.

Bazarda uzakmöhletleýin barlygy

Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy nebit-gaz pudagynda 20 ýyldan gowrak uly işleri alyp barýar hem-de ýurtda iň iri nebit we gaz öndürijileriniň biri hökmünde özüni tanatdy. 2022-nji ýylda kompaniýa möhüm senesini, ýagny nebit alynyşynyň müňünji sanyny belledi, bu bolsa onuň uzak möhletden bäri barlygyny dowam edýändigine we Türkmenistanyň ykdysadyýetine möhüm goşandy barada şaýatlyk edýär. 2009-njy ýylda Diýarbekir ýatagynda nebitiň söwda alynyşyndan we 2011-nji ýylda Magtymgulydaky ýatakdan tebigy gazyň alynyşyndan başlap, PC(T)SB sebitde uglewodorodlaryň esasy öndürijisi we üpjün edijisi hökmünde öz ornuny berkitdi.

548A9885  compressed.jpg

Kompaniýanyň 50 ýyllygynyň bellenilmegi

2024-nji ýyl Petronas üçin möhüm ýyllaryň biri bolýar, sebäbi kompaniýa özüniň 50 ýyllygyny bellýär. Bu sene onuň energetikanyň ösüşinde ählumumy ýoluny we oňa ygrarlylygyny aýratyn açyp görkezýär. Petronas özüniň energetika we tehnologiýa çözgütleriniň giňeldilmeginde uly işleri alyp baryp, gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmagyny isleýär. Türkmen jemgyýetiniň ösüşine gönükdirilen durmuş maksatnamalar bu strategiýanyň möhüm bölegini düzýär.

Howa barada alada

2030-njy ýyla çenli uglewodorod zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň meýillerine laýyklykda Petronas ýurduň howanyň üýtgemegine garşy göreşindäki tagallalaryny goldaýar. Kompaniýa pes uglerodly we durnukly çözgütleri ornaşdyrýar, bu bolsa onuň 2050-nji ýyla çenli uglerodsyz zyňyndylaryna ýetmek baradaky isleglerine laýyk gelýär.

Ählumumy iş we ýerli başlangyçlar

100-den gowrak ýurtda iş alyp barmak bilen, Petronas energiýany we durmuş ösüşine ýardam edýän çözgütleri öndürýär we üpjün edýär. Dünýä energetika bazarynyň esasy gatnaşyjysy hömünde kompaniýa halkara islegi kanagatlandyrmakda Türkmenistanyň energetika bukjasynyň ösüşi we diwersifikasiýasy boýunça tagallalaryny goldamagy dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen durnukly ösüş kompaniýanyň işiniň esasy ýörelgesi bolmagynda galýar.

Maslahata gatnaşyjylar

Şu ýyl maslahata gatnaşmak üçin 51 ýurtdan 830-dan gowrak wekil hasaba alyndy. Çäre barada goşmaça malumat almak üçin ogt-turkmenistan.com resmi web-saýta ýüz tutup bilersiňiz. Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy. Orient.tm “OGT-2024” Maslahatynyň media-hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Möhüm täzelikleri biziň saýtymyzda yzarlaň.

ORIENT news

Foto: Petronas

Şeýle hem okaň: