Iň täze habarlar

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Daşkentde geçirilýän CAVA çempionatynda ikinji ýeňişini gazandy

20.10.2024 | 01:25 |
 Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Daşkentde geçirilýän CAVA çempionatynda ikinji ýeňişini gazandy

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 18-25-nji oktýabr aralygynda Daşkende geçirilýän Merkezi-Aziýa woleýbol konfederasiýasynyň (CAVA) çempionatynda ynamly çykyşyny dowam etdirýär.

Bäsleşige Özbegistan (ýaryşyň ýer eýeleri), Türkmenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan we Maldiw adasynyň ýygyndylsy gatnaşýar. Ýaryşda, her topar biri-birine garşy oýun geçirer.

19-njy oktýabrda tejribeli tälimçi Serdar Täçnazarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Maldiwler topary bilen oýun oýnady. Duşuşyk dartgynly bolup, bäş set dowam etdi.

Screenshot_20241019_225020_YouTube.jpg

Netijede, türkmen woleýbolçylary 3: 2 hasabynda ýeňiş gazandy (25:18, 23:25, 21:25, 25:15, 15:8).

Screenshot_20241019_224942_YouTube.jpg

Bu ýeňiş topara mümkin bolan 6-dan 5 utuk toplamaga mümkinçilik berdi.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda, 18-nji oktýabrda, Türkmenistan Owganystanyň milli ýygyndysyny 3: 0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (25:17, 25:16, 25:23).

Frame 48 (1).png

INDIKI BÄSDEŞ
20-nji oktýabrda, üçünji tapgyra Türkmenistanyň milli ýygyndysy Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar, ilkinji oýunlarynda täjik ýygyndysy Özbegistandan we Gyrgyzystandan 0:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Türkmenistan – Täjigistan woleýbol duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 11:00-da başlar. CAVA Media YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.

Байрам АРТЫКОВ

Foto: CAVA Media

Şeýle hem okaň: