Iň täze habarlar

Türkmen kompaniýalary Kazan Halal Market sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak üçin çagyryldy

28.08.2024 | 00:13 |
 Türkmen kompaniýalary Kazan Halal Market sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak üçin çagyryldy

Türkmenistan we Tatarystan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kompaniýalaryny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Oba senagat toplumy pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça garşylykly teklipler barada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 9-njy mejlisinde habar edildi.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň ykdysadyýet pudagynyň esasy ugurlarynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň mejlisi Kazanda 27-nji awgustda geçirildi. Wekilli duşuşygy gün tertibiniň aýratyn mowzugy oba hojalyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk boldy.

“Şu ýylyň ýedi aýy boýunça Tatarystan Türkmenistana 3,3 mln dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu esasan hem, mesge-ýag önümleri, ketçuplar, tomatlar, souslar, çowdary we bugdaý uny” – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalyk we azyk harytlary ministriniň orunbasary Rüstem Gaýnullow habar berdi. Ol Tatarystanda halal-senagatynyň ösüşine uly üns berilýändigini belläp, türkmen kompaniýalaryna sebitde bu bazary öwrenmek üçin her ýyl geçirilýän Kazan Halal Market halal önümleriniň sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaklaryny teklip etdi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew geçen ýyl haryt aýlanyşygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,4 % artyp, 52,3 mln dollara barabar boldy. 2019-2020-nji ýyllarda bolsa bu görkeziji iki esse köpdigini belledi.

“Türkmenistan we Tatarystan energetika, senagat, ulag, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça anyk özara bähbitli bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdrilen hyzmatdaşlygyň dürli gurallaryny ösdürip bilerler. Maýa goýum pudagynda, şol sanda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginde we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde biziň ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar” – diýip, Joraýew nygtap geçdi.

Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko Türkmenistan bilen Tatarystanyň kärhanalarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar – maşyn gurluşyk, nebit-gaz pudagy, lukmançylyk we beýlekiler – boýunça alnyp barylýandygyny belledi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky mümkinçilikler has ulydyr. We biz mundan peýdalanmalydyrys” – diýip, O.Korobçenko belledi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: