Iň täze habarlar

Türkmen dokma senagatynyň wekilleri Günorta Koreýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öwrendi

26.08.2024 | 21:20 |
 Türkmen dokma senagatynyň wekilleri Günorta Koreýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öwrendi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýa saparynyň dowamynda Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördi. KISCO korporasiýasynyň wekilleri (Kyung-In Synthetic Corporation) myhmanlary dokma senagatynda ulanylýan boýaglaryny we himiki serişdelerini, elektron harytlary we iýmit önümlerini öndürýän kompaniýanyň işleýişi bilen tanyşdyryp, fabrikanyň öňdebaryjy kuwwatlylygyny we innowasion tehnologiýalaryny görkezdiler.

Bu sapar senagat ulanylyşda we tehnologiýalaryň söwdalaşdyrylmagynda hemaýat edýän Koreýanyň senagat tehnologiýalar instituty (KITECH) hem-de Koreýanyň import we eksport assosiasiýasy tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanly bilermenler KISCO fabrikasynda boýaglaryň öndüriliş yzygiderliligi bilen tanyşyp, koreýaly hünärmenler bilen boýag bazarynyň häzirki ýagdaýyny we munuň ýaly öndürilişiň tehniki gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, hyzmatdaşlyk we tehniki alyş-çalyş mümkinçiliklerini teklip etdiler.

Myhmanlara kärhanada ulanyjylaryň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan we “eko-dostlukly” derejesi bolan öndürilýän önümleriň albom ýygyndysy görkezildi. Ekskursiýanyň dowamynda myhmanlar kärhananyň öndürijilik kuwwatlylygy we hil gözegçilik ulgamy bilen tanyş boldular.

Türkmenistanly topar bu saparyň oňaýly taraplaryny belläp, şeýle diýdi: “KISCO fabrikasynyň boýag öndürmekde öňdebaryjy kuwwatlylygy we ykjam hil gözegçilik ulgamy haýran galdyryjy”.

26082024-delegaciya-turkmenskogo-tekstilproma-v-yuzhnoj-koree (1).jpg

KISCO wekiliniň aýtmagyna görä: “Bu sapar iki ýurduň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ilkinji ädim bolup, geljekde hem tehnologiýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdüriler diýlip garaşylýar”.

Koreýadaky senagat saparynyň maksatnamasyna laýyklykda türkmen bilermenleri ulanylýan tehnologiýalary we pudaklaýyn tematika boýunça geňeşmeleri öwrenmek maksady bilen beýleki kompaniýalara hem baryp gördüler: “Akylly egin-eşik” tehnologiýalar Merkezine, Koreýanyň moda senagatynyň assosiasiýasyna (Le Dome), KOTITI Synaglar Milli-barlag institutyna (bu ýerde dokma önümleriniň hilini, işleýişini, saglyga howpsuzlylygy we beýlekiler boýunça özboluşly synag-testler işlenilip düzüldi) we beýleki guramalara baryp gördüler. Türkmen wekiliýetiniň sapary koreýaly ykdysady neşirlerde şöhlelendirildi.

ORIENT news

Foto: tinnews.co.kr

Şeýle hem okaň: