Iň täze habarlar

iPhone ulanyjylary 911 gullugyna jaň edenlerinde onlaýn wideoda görnüp bilerler

27.07.2024 | 09:38 |
 iPhone ulanyjylary 911 gullugyna jaň edenlerinde onlaýn wideoda görnüp bilerler

Ýagny güýzde elýeterli boljak iOS 18 ykjam operasiýa ulgamynda 911 halas ediş gullugyna wideo jaň etmäge we hyzmat dispetçerleri we beýleki gyssagly kömek gulluklary bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýän Emergency SOS Live Video funskiýasyny işe girizer.

Bu aşa kynçylykly ýagdaýlarda gaty möhüm bolup biler. Mysal üçin, wideo arkaly habarlaşmak dispetçerlere ýagdaýa has dürs baha bermäge we has täsirli maslahatlary bermäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda iOS-da bar bolan Emergency SOS funksiýasy sesli jaň etmäge we halas edijilere habar ibermäge, şeýle hem ýerleşýän ýeriňizi habar bermäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: