Iň täze habarlar

Astrahan döwlet uniwersiteti 38 ýurtdan gelen talyplar üçin gapylaryny açdy

05.09.2024 | 13:10 |
 Astrahan döwlet uniwersiteti 38 ýurtdan gelen talyplar üçin gapylaryny açdy

Bu ýyl W.N Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti 38 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, gelen talyplara gapylaryny açdy. Bu barada Astrahan sebitiniň hökümet edaralarynyň portaly habar berdi.

Ýokary okuw mekdebiniň halkara bölüminde habar berlişi ýaly, daşary ýurtly talyplaryň esasy topary Hazarýaka döwletleriniň, şeýle hem Özbegistan we Afrika ýurtlarynyň raýatlarydyr. Wenesuela, Kosta-Rika, Tunis, Keniýa we Günorta Sudan ýaly ýurtlaryň wekilleri ilkinji gezek Astrahanyň ýokary okuw mekdebine girdiler.

“Ýokary okuw mekdebi halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär, daşary ýurt bilim guramalary bilen ylmy we medeni gatnaşyklary ýola goýýar we pugtalandyrýar” diýip, W.N Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça prorektory Angelina Fadina aýtdy.

ORIENT news

Foto: astrobl.ru

Şeýle hem okaň: