Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Katar Döwletiniň Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri bilen duşuşyk geçirildi

05.09.2024|11:49|
1011
katar-dowletinin-dasky-gursawy-goramak-we-howanyn-uytgemegi-boyunca-ministri-bilen-dususdy
Surat çeşmesi: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berildi

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Abdullah bin Abdulaziz bin Türki Al-Subaýy bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda daşky gurşawy goramak babatynda gol çekilen resminamalaryň çäklerinde alynyp barylýan işlere, hünärmenler derejesindäki iş saparlara degişli meseleler maslahatlaşdy.

Hususan-da, Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça iki ýurduň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has hem, pugtalandyrylmagy aýratyn bellenildi.

ORIENT news

Katar Döwletiniň Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri bilen duşuşyk geçirildi