Iň täze habarlar

Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy

05.09.2024 | 11:43 |
 Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer.

Bilermenlerden tälim almaklary olara pikirleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi we hünär we şahsy ösüş ugrundaky maksatlara ýetmek üçin güýçli itergi berer.

Gysgaça aýdylanda, ýaş nesle üstünlik ýolunda kömek etmek üçin meýdança döredildi.

Onlaýn halypalyk meýdançasy 2024-nji ýylyň dekabryna çenli elýeterlidir. Onuň has işjeň ulanyjylary BMG Ösüş Maksatnamasyndan şahadatnama alarlar.

Halypalyk okuwy telekeçiligi ýa-da islendik endigi ösdürmek maksatly okuwdyr. Bu usul dünýäde giňden ýaýrandyr.

Esasy kynçylyk halypany saýlamakdyr. Halypa diyip, öz bilimini öwredýän we ösmäge kömek berýän ýokary derjeli hünärmene aýdylýar. Onuň ugruna gaty gowy düşünmegi we bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagy möhümdir. Dogry gurnalan halypaçylyk ulgamy – bu halypanyň diňe ýol görkezmegi we okuwçy maslahatlara eýerip özbaşdak çözgüt tapmagydyr.

ORIENT news

Foto: instagram.com/undp_turkmenistan

Şeýle hem okaň: