Iň täze habarlar

Mişel Barnýe Fransiýanyň Premýer-ministri wezipesine bellendi

06.09.2024 | 10:25 |
 Mişel Barnýe Fransiýanyň Premýer-ministri wezipesine bellendi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “Respublikan” partiýanyň weterany 73 ýaşly Mişel Barnýeni ýurduň täze Premýer-ministri edip belledi. “Euronews”-iň habar bermegine görä, “Brexit”-iň öňki baş gepleşikçisi hökmünde tanalýan Barnýe bitewi hökümeti döretmek baradaky tabşyrygy aldy.

Barnýeniň bellenilmegi 30-njy iýunda we 7-nji iýulda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň syýasy çökgünlik wagtynda ýüze çykdy. Parlamentda hiç bir partiýa doly artykmaçlygy alyp bilmedi, bu täze ministrleriň deputatlaryň goldawyny gazanmak ukybyna şübhe döredýär.

Barnýe diplomatik başarnygyny eýýäm Angliýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy baradaky gepleşiklerde subut etdi. Indi ol Fransiýanyň dagynyk syýasy güýçlerini birleşdirmäge synanyşanda ýene şol başarnyklary görkezmeli.

ORIENT news

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: