Iň täze habarlar

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen Halkara «akylly» şäherler sergisinde üç baýraga mynasyp boldy

05.09.2024 | 15:05 |
 Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen Halkara «akylly» şäherler sergisinde üç baýraga mynasyp boldy

Türkmenistanyň Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” atly Halkara «akylly» şäherler sergisinde üç baýraga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habaryna görä, Arkadag şäheri şu baýraklary aldy:

Excellence Award – ajaýyp üstünlikler üçin baýrak (Türkmenistanyň Arkadag şäheri bu baýragyň ýeke-täk ýeňijisi boldy).

Foreign City Award – “Daşary ýurt şäheri” baýragy.

Türkmenistanyň Arkadag şäheri şeýle hem “WSCE 2024 Contribution” Award baýragy – “WSCE 2024” Halkara akylly şäherler sergisiniň ösüşine goşan goşandy üçin.

Dabara eden çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Türkmenistanyň şäher gurluşygy ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Foto: instagram.com/tmembassy_korea

Şeýle hem okaň: