Aşgabat we Tokio ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn komitet mejlislerini geçirer
05.09.2024 | 19:40 |Tokioda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşdy.
Taraplar bir aý mundan ozal, ýagny 9-njy awgustda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” işewürlik maslahatynyň netijeleri hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon we Ýapon-Türkmen komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisiniň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk pugtalandyrylmagynyň oňyn mümkinçilikleri barada bellenilip, bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy ädimleri kesgitlenildi.
Şeýle-de şu hepde Ilçi Baýramow Ýaponiýa – Türki döwletler ulgamynyň wekili Tugrul Matsumoto bilen duşuşdy diýip, diplomatik wekilhanasynyň saýtynda bellenilýär.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda Ýaponiýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeni çäreleriň geçirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news