“OPEK +” ýurtlary nebit önümçiligini 2 aý togtadýarlar
06.09.2024 | 10:33 |“OPEK +”-iň sekiz ýurt, şol sanda Russiýa we Saud Arabystany, nebit önümçiligini iki aý togtatmak we meýletin önümçiligini gündelik 2,2 million barrel (b / d) möçberinde dekabr aýyna çenli uzaltmak kararyna geldi.
Bu barada TASS habarlar gullugy guramanyň web sahypasynda ýerleşdirilen beýanata salgylanyp, habar berdi.
Beýanata görä, “OPEK +” ýurtlary önümçiligi dikeltjek tertibi hem täzeledi. Indi käbir ýurtlar bileleşigiň agzalarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli ozal ylalaşyşy ýaly däl-de, 2025-nji ýylyň noýabr aýyna çenli önümçiligi zerur kwotalara kem-kemden artdyryp bilerler.
Şol bir wagtyň özünde, “OPEK +”agza ýurtlary önümçiligiň artmagy togtatmak ýa-da zerur bolan parametrleri sazlamak mümkinçiligini saklaýandygy aýdyňlaşdyryldy.
ORIENT news