Iň täze habarlar

Türkmenistan Bakuda geçiriljek COY 19 maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar

06.09.2024 | 18:45 |
 Türkmenistan Bakuda geçiriljek COY 19 maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar

Türkmenistan Ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP29) 29-njy maslahatyna Ýaşlar beýannamasyny taýýarlaýar. Bu maslahata bagyşlanan ilkinji çäre 3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we BAE-niň ilçihanalary tarapyndan gurnaldy diýlip, DIM-niň habarlar gullugynda habar berilýär.

Bu maslahata ýurduň demirgazyk welaýatynyň ýaşlary gatnaşyp, olara häzirki zaman ekologiýa meselelerini hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berildi.

Maslahata 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ekologiýa meselelerine işjeň gatnaşýan raýatlar, talyplar, şeýle-de BMG-niň edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň wekilleri, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahat mowzuklaýyn bölümçeler görnüşinde geçirilip, oba hojalygyň uýgunlaşmagy, tebigy serişdelerini durnukly dolandyrmak ýaly we beýleki meselelere bagyşlanyldy. Bölümçe işiniň esasynda her topar ýurduň ähli welaýatlarynda geçirilip, Aşgabat şäherinde tamamlanjak şeýle maslahatlaryň netijesinde kabul ediljek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizilmek üçin teklipleri taýýarladylar.

Duşuşyklaryň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň prosesine bolan garaýyşlaryny açyp görkezýän Ýaşlar beýannamasy kabul ediler. Bu beýannama Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynda hödürleniler hem-de COP29 Maslahatynda YOUNGO-nyň resmi ählumumy çemeleşmesine giriziler.

ORIENT news

Foto: world-opportunities.com

Şeýle hem okaň: