Iň täze habarlar

Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp kitap sergisi açyldy

06.09.2024 | 01:25 |
 Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp kitap sergisi açyldy

Sankt-Peterburgda Russiýanyň milli kitaphanasynyň Täze binasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp Russiýanyň milli kitaphanasynyň milli edebiýatlar bölümi tarapyndan taýýarlanylan sergisi açyldy.

06092024-v-peterburge-vystavka-k-300-letiyu-mahtumkuli (8).jpeg

“Magtymguly Pyragy türkmen şygyryýet dilini halk sözleýişe ýakynlaşdyryp, ony üýtgedip bilen şahyrdyr. Onuň döredijiligi hünärmenler tarapyndan Merkezi Aziýanyň medeni taryhynda özboluşly hasaplanylýan döwrüň başlangyjy bolup, türkmen edebiýatynda “Altyn asyr” diýlip atlandyrylýar. Beýik ussadyň eserleri bütin dünýä meşhurdyr we häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmeýärler. Sebäbi olarda Watana bolan söýgi, ruhy ahlaklylyk, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, döretmeklige, dostluga we doganlyga çagyryş ýaly umumyadamzadyň baky gymmatlyklary şöhlelendirilen” – diýip, serginiň gysgaça beýanynda aýdylýar.

06092024-v-peterburge-vystavka-k-300-letiyu-mahtumkuli (4).jpeg

“Magtymguly diýip, adym tutsalar” atly serginiň eksponatlarynyň arasynda Almaz Ýazberdiýewyň “Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşirleriniň taryhy,1879-2014” atly bibliografiýa görkezijileri, Ahmetzaki Walidi Toganyň “Magtymgulynyň goşgularynyň görkezijisi”, Annagurban Aşyrowyň “Magtymgulynyň golýazmalarynyň beýany” ýaly işler bar.

06092024-v-peterburge-vystavka-k-300-letiyu-mahtumkuli (3).jpeg

Sergide 1907-nji ýylda Daşkentde Gündogary öwreniji alym Nikolaý Ostroumow tarapyndan neşir edilen Magtymgulynyň türkmen dilindäki goşgular toplumy hem-de türkmen nusgawy şahyryň 1912-nji ýylda Astrahanyň hususy metbugat öýünde neşir edilen ilkinji goşgular ýygyndysy ýerleşdirilen.

06092024-v-peterburge-vystavka-k-300-letiyu-mahtumkuli (6).jpeg

Şeýle-de myhmanlaryň ünsüni çekip biljek awtoryň doganlyk halklaryň diline terjimesi bilen üsti dolunan eserler ýygyndylary bar. Serginiň esasy eksponaty – şahyr Arseniý Tarkowskiniň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terjimesiniň meseleleri baradaky ýazan makalasy. Sergide türkmen şahyryň döredijiligine bagşlanan ylmy-barlag işler aýratyn orun tutýar.

06092024-v-peterburge-vystavka-k-300-letiyu-mahtumkuli (2).jpeg

Sergi sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.


Russiýanyň milli kitaphanasynyň köştaraply işi birnäçe çäklere bölünen meýdançalarda alnyp barylýar. Olaryň arasynda Sankt-Peterburgyň merkezinde ýerleşen Imperatoryň jemgyýetçilik kitaphanasynyň taryhy binalar toplumy hem-de Russiýanyň milli kitaphanasynyň ösüşiniň esasy bölegi düşýän Täze binalar toplumy. Bu binada gaznalar, gözleg ulgamlar, hyzmat ediş bölümler, okyjy zallar ýaly esasy kitaphana serişdeleri ýerleşdirilendir.

ORIENT news

Foto: nlr.ru

Şeýle hem okaň: