Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda oba hojalygy we nebithimiýa önümleri satyldy

05.09.2024 | 09:23 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda oba hojalygy we nebithimiýa önümleri satyldy

Çarşenbe güni, 4-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda oba hojalygy we nebithimiýa önümleri satyldy.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Serbiýa döwletiniň işewürler topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: