Iň täze habarlar

Aşgabat we Yslamabat ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde: strategiki meseleler we täze taslamalar

23.07.2024 | 01:20 |
 Aşgabat we Yslamabat ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde: strategiki meseleler we täze taslamalar

Duşenbe güni, 22-nji uýulda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yslamabat şäherine geldi. Myhmany howa menzilinde Pakistanyň Senagat we önümçilik ministri Rana Tanwir Husseýin garşy aldy diýip, Pakistanyň KHBS habar berdi.

Mundan ozal Pakistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Raşid Meredowyň premýer-ministriň orunbasary, Daşary işler ministri Yshak Dar bilen giňişleýin gepleşikler geçirjekdigi we Pakistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşjakdygy habar berildi. Daşary işler ministrliginiň sözlerine görä, söhbetdeşlikleriň dowamynda “ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary” we sebitleýin wakalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Turkmenistan-1000x600.jpg

Pakistan strategiki geosyýasy ýerleşişinden peýdalanyp, deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa döwletlerini dünýäniň beýleki sebitleri bilen birleşdirýän esasy söwda we üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ýokarlandyrmak isleýär. Şeýle-de bolsa, Pakistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygy artdyrmak arkaly kanagatlandyryp boljak möhüm energiýa zerurlyklary bar.

Päkistanyň metbugaty soňky aýlarda Pakistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda şol sanda Özbegistanyň we Azerbaýjanyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary öz içine alýan saparlaryň, maýa goýum gepleşikleriniň we ykdysady işjeňligiň köpelendigini belleýär.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Günbatar serhedinden Owganystana çenli Pakistana we ondan aňryk Hindistana çenli dowam etjek Turgundy – Hyrat – Gandagar – Spin-Buldak täze demir ýol ugrunyň taslamasynyň gurluşygy yglan edildi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine bilelikde gatnaşmak, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan teklip edildi. Onuň sözlerine görä, türkmen tarapy owganystanly kärdeşleri bilen Turgundy şäherinde logistika merkezini döretmek barada ozal ylalaşyk gazanyldy we ýakyn wagtda gurluşyk işlerine başlamagy maksat edinýär.

Owgan tarapynyň wekilleri Gazagystanyň we Türkmenistanyň harytlaryny Pakistana üstaşyr geçmegini üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler, bu barada Gazagystanyň Ulag minstrligi habar berdi. Bu habarda Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangariniň: “Biz Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýarys, bu hakykatdanam Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana günbatar geçelgesini gurmagyň başlangyjydyr” diýen sözleri getirilýär.

Wise-premýer Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi türkmen wekilýetiň Yslamabada boljak saparynyň dowamynda geçiriljek Päkistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň altynjy maslahatynyň çäginde sebit aragatnaşygyny gowulandyrmak we iki ýurduň arasyndaky ygtybarly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek üçin TOPH gaz geçirijisiniň (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) ugry boýunça demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň meselesine seredilmegine garaşylýar.

Pakistanyň ykdysady neşiri bolan Business Recorder habaryna görä, ýaňy-ýakynda Pakistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň sekretary Kazim Niaz, ministrleriň arasynda ýygnak geçirdi. Onda Hökümetara toparyň bäşinji maslahatynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada ara alyp maslahatlaşdy. Maslahata türmen ilçisi hem gatnaşdy.

Duşuşykda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň hakyky mümkinçiliginden has pesdigi bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygy 2022-2023-nji maliýe ýylynda 8 million dollar bolup, şu ýyl 4,85 million dollara çenli azaldy. Bu nukdaýnazardan iki ýurduň arasyndaky Üstaşyr söwda şertnamasyna garamagy çaltlaşdyrmagyň zerurlygy nygtaldy.

Türkmenistanda Pakistanyň Söwda öýüni açmak barada teklip edildi. Mundan başga-da, nebit we gaz meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparynyň we TOPH gaz geçiriji taslamasynyň, şeýle hem karbamid satyn almak boýunça dowam edýän gepleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oba hojalygy boýunça iş toparynyň birinji ýygnagyny geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Foto: economy.pk

Şeýle hem okaň: