Iň täze habarlar

Tokiýada «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23.07.2024 | 20:05 |
 Tokiýada «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sişenbe güni, 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.

Merkezi Aziýa geosyýasy ähmiýete eýe sebit we Ýaponiýanyň möhüm hyzmatdaşy, hem-de şu ýyl şeýle formatlaryň ilkinjisi bolan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Diologyna 20 ýyl bolýar diýip ministr Kamikawa belledi. Ilkinji Dialogyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejede ösdürmek üçin taryhy pursat bolup hyzmat etjek bu hyzmatdaşlyga umyt baglaýar, diýip Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

23072024-CA-Japan (2).jpg

"MA +" formaty «Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa» dilaogy sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin 2004-nji ýylda başlandy. Daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy şol ýylyň awgust aýynda Gazagystanda geçirildi. Aşgabatda, 2017-nji ýylyň maý aýynda ministrleriň altynjy duşuşygy we soňky 9-njy daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolsa, 2022-nji ýylyň dekabrynda Tokioda geçirildi.

Ýaponiýadan soň beýleki möhüm ýurtlar hem Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri bilen dialogyň bu görnüşini başladylar. “Merkezi Aziýa goşmak” gepleşikleri şol bir ýa-da beýleki görnüşde Koreýa Respublikasy, ABŞ, Russiýa, Hytaý, Hindistan we ÝB tarapyndan hem geçirilýär. 2023-nji ýylda ilkinji Germaniýa-Merkezi Aziýa sammiti geçirildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: