Iň täze habarlar

Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyry geçirilýär

23.07.2024 | 12:45 |
 Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyry  geçirilýär

"Aaj News"-yň berýän habaryna görä, Yslamabatda saparda bolýan wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni, 23-nji iýulda Premýer-ministriň orunbasary we Pakistanyň daşary işler ministri Yshak Dar bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrleri “giňişleýin gepleşikler geçirmekçi”. Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyrynda olar ähliumumy we sebitleýin wakalary ara alyp maslahatlaşarlar, diýip habarda aýdylýar.

Türkmen wekiliýetiniň Yslamabat şäherine saparynyň maksady, söwda, maýa goýum we energetika, şeýle hem sebitara hem-de medeni gatnaşyklar babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýollaryny öwrenmäge aýratyn üns bermek bilen Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekdir.

ORIENT news

Foto: humenglish.com

Şeýle hem okaň: