Iň täze habarlar

Gazagystanda Emeli aň instituty açyldy

18.07.2024 | 09:55 |
 Gazagystanda Emeli aň instituty açyldy

Gazagystan Respublikasynda ilkinji Emeli aň instituty açyldy, bu barada “Восточный Экспресс 24” internet neşiri habar berdi.

Täze institut Gyzylorda şäherinde Gorkyt Ata adyndaky ýerli uniwersitetiň binýadynda döredildi.

Bu ýyl institut dört sany: “Informatika”, “Maglumat ulgamlary”, “Kiberhowpsuzlyk” we “Kompýuter programmirleme we programma üpjünçiligini ösdürmek” bilim maksatnamalary boýunça 100 grant bölüp berdi.

Geljekde bilim edarasy häzirki zaman barlaghanalaryny açmagy we ösen bilim maksatnamalaryny girizmegi meýilleşdirýär.

Tehniki bilimler bilen bir hatarda talyplar daşary ýurt dillerini hem özleşdirerler. Şeýlelikde, talyplar rus we gazak dillerinden başga-da iňlis we koreý dillerini öwrenerler.

Gazagystan bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki taslamasy Gazagystanly talyplara maglumat tehnologiýasy pudagynda öňdebaryjy bilimleri almaga we bilelikdäki gözlegleri geçirmäge mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Foto: asia24.media

Şeýle hem okaň: