Iň täze habarlar

Azerbaýjanda GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti döredildi

15.07.2024 | 09:57 |
 Azerbaýjanda GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti döredildi

Azerbaýjanda 2025-nji ýylda Ganja şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti döredildi. Degişli Buýruga Respublikanyň Prezidenti Ilham Aliýew gol çekdi.

Resminama Döwlet Baştutanynyň web sahypasynda çap edildi. Onda GDA ýurtlarynyň oýunlary ýaly Azerbaýjanda şeýle möhüm sport çäresini geçirmegi, sport ýurdy hökmünde ösýän abraýyny has-da ýokarlandyrmaga oňyn täsir etjekdigi nygtalýar.

Guramaçylyk komitetine Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministri Farid Gaýibow ýolbaşçylyk eder. Onuň düzümine esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, ýurduň demirgazyk-günbatar we günbatar sebitlerinde şäher we etrap dolandyryş edaralarynyň wekilleri girdi.

Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministrligine Oýunlary geçirmek üçin ýörite çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy we guramaçylyk komitetine tabşyrmagy tabşyrdy.

GDA ýurtlarynyň üçünji oýunlaryny 2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçirmek karary 2021-nji ýylyň dekabrynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Bedenterbiýe we sport geňeşi tarapyndan kabul edildi.

Birinji oýunlar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Kazanda (Tatarystan Respublikasy), ikinjisi 2023-nji ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasynda geçirildi.

GDA ýurtlarynyň oýunlaryny halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirmek baradaky başlangyç Russiýa Federasiýasy tarapyndan 2018-nji ýylda öňe sürüldi. Ýaryşlar, Arkalaşyga agza ýurtlarynyň bedenterbiýe we sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goşant goşmak üçin döredildi.

ORIENT news

Foto: tass.ru

Şeýle hem okaň: