Iň täze habarlar

Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň täze zawody adamsyz işläp biler

10.07.2024 | 09:45 |
 Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň täze zawody adamsyz işläp biler

Smartfonlaryň täze neslini öndürmek boýunça Xiaomi-niň Pekindäki täze zawody bir-gije gündizde 24 sagatlap adamsyz işläp biler diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun aýtdy.

Onuň bellemegine görä, 81 müň inedördül metr meýdany eýeleýän zawod sekuntda 1 smartfon öndürmäge ukyplydyr. Hususan-da, bu zawod Xiaomi MIX Fold 4 hem-de Xiaomi MIX Flip eplenýän smartfonlary öndürer.

Kärhanadaky enjamlar özara baglanyşykda bolarlar. Zawod mikron derejesinde arassaçylygy özbaşdak üpjün eder. Önümiň hiline Xiaominiň özbaşdak işläp taýýarlan intellektual enjamlary gözegçilik eder.

Zawodda ykjam telefonlary öndürmek boýunça 11 önümhana, şeýle hem awtoulaglaryň elektron ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän önümhanalar ornaşdyryldy.

Xiaomi täze zawodda 330 million dollar maýa serişdesini goýdy. Ol “Intellektual önümçiligiň milli etalon kärhanasy” diýlip sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 10 million sany smartfona deňdir.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: