Iň täze habarlar

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýada saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlary boýunça halkara foruma gatnaşdy

01.07.2024 | 11:25 |
 Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýada saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlary boýunça halkara foruma gatnaşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýada saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlary boýunça ilkinji halkara foruma gatnaşdylar.

Şeýle hem forum Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hünärmenleriniň, şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Foruma gatnaşyjylar saglygy goraýyşa maýa goýmak boýunça öňdebaryjy tejribäni we innowasion strategiýalary paýlaşdylar, ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegine elýeterliligi giňeltmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy gowulandyrmak üçin oňyn çemeleşmeleri öwrendiler.

Jemleýji Beýannama gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy, onda innowasiýalary ösdürmäge, saglyk görkezijilerini gowulandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamyna durnukly maýa goýumlary çekmäge ygrarlylyk beýan edilýär.

2022-nji ýylda «Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamagyň Ýol kartasynyň» kabul edilen gününden bäri sebitiň ýurtlary saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Resminamada ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda sanly özgertmeleri ilerletmek, maliýe goragyny gowulandyrmak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň howpuny azaltmak, şeýle hem sagdyn we «ýaşyl» gurşawy döretmek ýaly 11 ugur kesgitlenýär.

ORIENT news

Foto: vesti.kg

Şeýle hem okaň: