Iň täze habarlar

Daşary işler ministrliginde Pakistanyň ilçisi bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18.04.2024 | 22:15 |
 Daşary işler ministrliginde Pakistanyň ilçisi bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

16-njy martda, penşenbe güni Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Taraplar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösýändigini nygtadylar diýip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika pudagynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň meseleleri barada pikir alyşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Bir gün öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň täze ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: