Iň täze habarlar

Katar nobatdaky bäş dünýä çempionatyny kabul eder

17.03.2024 | 01:09 |
 Katar nobatdaky bäş dünýä çempionatyny kabul eder

Katar 2025-nji ýyldan başlap, 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň (FIFA U-17) nobatdaky bäşisini kabul eder. Bu barada FIFA penşenbe güni habar berdi.

Şol döwürde Marokko 2025-nji ýyldan 2029-njy ýyla çenli FIFA U-17 zenanlaryň dünýä çempionatyny kabul eder.

Bu iki ýaryş, ýaşlar futbolynyň ösüşine ygrarlylygyň çäginde 2025-nji ýyldan başlap, her iki ýylda däl-de, her ýyl geçiriler.

Şeýle hem FIFA Geňeşi, FIFA U-17 dünýä çempionatynyň 48 topara, zenanlaryň bolsa 24 topara çenli giňeljekdigini habar berdi.

FIFA-nyň beýanynda: "Bu kararlar, ýaryşlaryň netijeliligini we dowamlylygy üçin bar bolan futbol infrastrukturasyny ulanmaga gönükdirilen iki bäsleşigi geçirmäge gyzyklanma bildirmek baradaky ählumumy çagyryşdan soň kabul edildi"-diýilýär.

ORIENT news

Foto: beinsports.com

Şeýle hem okaň: