Iň täze habarlar

Bişkekde geçirilýän hokkeý boýunça dünýä çempionaty: Türkmenistn GAR-y utdy

12.03.2024 | 14:27 |
 Bişkekde geçirilýän hokkeý boýunça dünýä çempionaty: Türkmenistn GAR-y utdy

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini baýram etdi.

3-nji diwiziondaky (A toparça) toparlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionat şäheriň buzly sport toplumynda geçirilýär. 11-nji martda ikinji aýlawyň oýunlary geçirildi.

Ikinji aýlawyň maksatnamasy Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylarynyň duşuşygy bilen açyldy. Türkmenistanyň ýygyndysy 4:3 hasaby bilen ýaryşdaky ilkinji ýeňşini gazandy. Bu barada "Sport AKIpress" habar berýär.

10-njy martda geçirilen birinji tapgyrda Türkmenistanyň topary şol bir hasap bilen Lýuksemburgdan utuldy.

Ikinji tapgyryň netijeleri:
– Türkmenistan - Günorta Afrika Respublikasy - 4: 3 (2: 1, 1: 1, 1: 1);
– Meksika - Tailand - 0: 5 (0: 2, 0: 1, 0: 2);
– Lýuksemburg - Gyrgyzystan - 3: 7 (0: 3, 1: 2, 2: 2).

13-nji martda çempionatyň üçünji tapgyr oýunlary geçirilip, onuň çäklerinde Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylary özara duşuşar.

ORIENT news

Foto: sport.akipress.org

Şeýle hem okaň: