Iň täze habarlar

Gazagystan indiki «Geljegiň oýunlaryna» taýýarlyk görýär

12.03.2024 | 08:57 |
 Gazagystan indiki «Geljegiň oýunlaryna» taýýarlyk görýär

Gazagystanda 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Geljegiň oýunlaryna» taýýarlyk görlüp başlandy.

Respublika bäsleşigi guramakda ilkinji Oýunlaryň geçirilen ýeri bolan Tatarystanyň tejribesine daýanar. Bu barada Gazagystanyň parlamentiniň Mažilisiniň (aşaky palatasynyň) başlygy Ýerlan Koşanow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda aýtdy.

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow Gazagystanyň ýolbaşçylaryna bu çäre barada ähli zerur maglumatlary berdi. Bu tejribe Respublika üçin Oýunlar guralanda peýdaly bolar.

Taryhdaky ilkinji «Geljegiň oýunlary» 21-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Kazanda geçirildi.

«Geljegiň oýunlary» – bu sporty, ylmy we tehnologiýalary özünde jemleýänk köpugurly halkara sport çäresidir. Täze görnüşli ýaryş fiziki we sanly älemlerde geçirilýän bäsleşiklerden ybarat bolan «fijital» (physical+digital) konsepsiýasyna esaslanýar hem-de türgenleriň hakyky we wirtual dünýälerdäki başarnyklaryny synag edýär. Bäsleşikler oýunçylara fiziki şertleri ýa-da tapmaçalary hödürleýär, olary ykjam programmalary ýa-da giňeldilen hakykat (AR) ýaly beýleki sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly çözmek mümkindir.

ORIENT news

Foto: championat.com

Şeýle hem okaň: