Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ärdoganyň arasyndaky duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekildi

01.03.2024 | 15:18 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ärdoganyň arasyndaky duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 1-nji martda Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysyna Türkiýä barmaga we Antaliýadaky Diplomatik foruma gatnaşmak çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir gezek Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň "Hormatly il ýaşulusy" diýen hormatly adynyň dakylmagy mynasybetli gutlagyny we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

1.jpg

Bu şanly ýubileýi mynasybetli asylly däbe eýerilip türk Liderine sary deriden taýýarlanan, nagyşlar bilen bezelen - türkmen milli içmegi gowşuryldy.

2.jpg

Duşuşygyň dowamynda, Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhy taýdan döredilen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösýändigi nygtaldy. Köpugurly hyzmatdaşlygy güýçlendirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara konstruktiw gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýän “Bir millet - iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandygy bellendi. Bu barada TDH-nyň berýän habarynda aýdylýar.

3.jpg

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

4.jpg

ORIENT news

Foto: tccb.gov.tr

Şeýle hem okaň: