Iň täze habarlar

Daşkentde türkmen-özbek bankara gatnaşyklary meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

01.03.2024 | 13:18 |
 Daşkentde türkmen-özbek bankara gatnaşyklary meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-özbek bankara hyzmatdaşlygy meselesi ilçi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Bobir Abubakirowyň arasyndaky gepleşikleriň esasy temasy boldy.

Duşuşyk penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Merkezi bankynda geçirildi we iki ýurduň Merkezi banklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, maliýe we ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary güýçlendirmek, şol sanda bu ugurda sanly gurallary ösdürmek boýunça meselelere seredildi. Bu ugurda meýilleşdirilen bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: gazeta.uz

Şeýle hem okaň: