Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Özbegistanyň Milli uniwersitetinde tanyşdyryldy

23.02.2024 | 21:10 |
 Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Özbegistanyň Milli uniwersitetinde tanyşdyryldy

Özbegistanyň Milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Halkara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostluk komitetiniň geňeşçisi Olim Nurzullaýew, Özbegistanyň Milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saýid, bu ýurtdaky Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň başlygy Güldana Öwezdurdyýewa, Daşkendiň özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersitetiniň professory Bahadir Karimow hem-de Özbegistanyň Milli uniwersitetinde bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.

1-5.jpg

Tanyşdyryş dabarasynda täze kitabyň baý many-mazmuny, türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň beýan edilişi barada gürrüň berildi. Çykyş edenler iki ýurduň Liderleriniň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky durmuş, ykdysady, medeni we bilim ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylýandygyny bellediler.

Özbegistanyň Milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen ýaşlary, olaryň ýokary bilim almagy üçin döredilen şertler barada ýygnananlara gürrüň berdi.

2-5.jpg

Daşkendiň özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersitetiniň professory Bahadir Karimow özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryny beýan edýändigini, ýaşlary ylmy gözleglere we öwrenmäge çagyrýandygyny aýtdy.

3-5.jpg

Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň başlygy Güldana Öwezdurdyýewa täze kitabyň örän düşünkli dilde ýazylandygyny, baý many-mazmuny bilen okyjylary özüne çekýändigini belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýew Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny Özbegistanda baýram etmek baradaky Karara gol çekdi.

ORIENT news

Foto: nuu.uz

Şeýle hem okaň: