Iň täze habarlar

Azerbaýjanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary yglan edildi

07.12.2023 | 22:53 |
 Azerbaýjanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary yglan edildi

Azerbaýjan Respublikasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlary yglan edildi. Bu barada "Azertag" habarlar agentligi mälim edýär.

Degişli buýruga şu gün Respublikanyň Prezidenti Ilham AlIýew gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw toparyna 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynyň bellenilmegini we Azerbaýjan Respublikasynyň Saýlaw kodeksi tarapyndan bellenilen tertipde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

ORIENT news

Foto: media.az

Şeýle hem okaň: