Makalalar
Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde täze saz hakda söhbetdeşlik
26.05.2024
|21:20
|695
Sungata başgaça tarapdan serediň. Muňa bagyşlanyp ýakynda Magtumguly Garlyýewiň adyny göterýän Daşoguzyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn çekişme geçirildi. Gatnaşanlaryň arasynda bu bilim edarasynyň esasy mugallymy Dilaram Ahmedowa, kompozitorlar Aýgül Annamammedowa, Saparmyrat Baýlyýew we beýlekiler bar.
Ida dagy: taryhyň, medeniýetiň we tebigatyň birleşýän ýerinde ekologiýa taýdan arassa dynç alyş
25.05.2024
|08:58
|827
Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida daglary “Kislarod gümmezi” ady bilen meşhurdyr. Bu ýerde tokay ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin amatly ýaşaýyş gurşawy bar. Ida daglaryna syýahat edeniňizde bu ýerleriň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri sizde uly täsir galdyrar. Ajaýyp tebigy gözelliklerden başga-da, siz gadymy obalar bilen tanşyp, ýerli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilersiňiz.
Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi howpsuzlyk maslahatynda çykyş etdiler
24.05.2024
|22:10
|890
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi: howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň täze meýilnamasy” atly bilermenleriň maslahatyna gatnaşdy. Duşuşyk 24-nji maýda, anna güni Daşkende bilermenler merkezleriniň wekilleri, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň hukuk goraýjy guramalarynyň we Ýewropa Bileleşigine degişli guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Nury Halmämedowyň döredijiliginde aýdym žanry
06.05.2024
|19:00
|997
Şeýle bir bir kompozitorlar bolýar, olar öz döredijiligini haýsydyr bir ugra başbütin bagyş edýärler.Olaryň biri ähli kalby, ýüregi bilen aýdyma berilýär, beýlekisini simfoniki sazlar öz bendiwanyna öwürýär,üçünjisini bolsa saz teatry özüne çekýär. Şu babatda Nury Halmämedow sazanda hökmünde döredijilik gyzyklanmalarynyň giňligi we örän aýdyň hem-de köpgyraňly döredijilik talanty bilen haýran galdyrýar. Türkmeniň tanymal kompozitory Nury Halmämedowyň saz sungaty baý we dürli keşpli:simfoniýa,kamera-instrumental ansambllary,drama oýunlarynyň sazlarykinofilmler, hor üçin salar.Elbetde bulary Nury Halmämedowyň dürli žanrdaky döreden sazlarynyň doly sanawy hasaplamak bolmaz.
Türkiýede maşgala bilen ýatdan çykmajak dynç alşy meýilleşdirmegiň wagty geldi
25.04.2024
|11:02
|1963
Ortaýer we Egeý deňizleriniň kenar ýakalary Türkiýäniň iň gözel ýerleriniň biridir. Bu ýerde tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly ajaýyp howa bolýar. Kenarýakasynda maşgala bolup dynç almak şeýle hem sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän kaşaň myhmanhanalar ýerleşýär. Mundan başga-da siz bu ýeriniň aşhanasy hem-de taryhy gadymy şäherleri bilen tanyşyp bilersiňiz. Bu ugur “Mawy baýdak” belgisi bolan plýažlarda suwa düşmek, gadymy harabalyklara we muzeýlere baryp görmek, Türkiýäniň ortaýer deňiz aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek isleýänler üçin ajaýyp ugurdyr.
Türkiýäniň Safranbolu we Dadaý şäherleri Cittaslow toruna goşuldylar
06.04.2024
|12:23
|2116
Türkiýäniň Garadeňiz sebitiniň günbatarynda ýerleşýän kiçiräjik Safranbolu we Dadaý şäherleri Asuda şäherlerň halkara toruna (Cittaslow) girizildi. Bu baradaky çözgüt Cittaslow-yň Halkara utgaşdyrjy komitetiniň 23-nji martda Belgiýanyň Damma şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, Türkiýäniň Cittaslow-daky şäherleriniň sany 25-e ýetdi.
Türkmenistanda birinji aprel nähili bellenilýär
01.04.2024
|16:04
|1084
Birinji aprel gündelik durmuşymyzda şadyýan we aladasyz durmuşy ýatladýan gün. Bu gün oýunlar we degişmeler bilen doludyr. Emma bu şädyýan däp nireden gelip çykdy we näme üçin Türkmenistanda-da beýle meşhur boldy?
Türkiýede ýerli edaralara saýlawlar
01.04.2024
|09:47
|786
Adalatly, aç-açan we yzygiderli saýlawlar häzirki zaman demokratiýasynyň esas goýujy aýratynlygydyr, ýolbaşçylaryň öz ygtyýarlyklaryny saýlawçylardan almagy onuň esasy talabydyr. Bu ygtyýarlyklar häkimiýetiň hakyky çeşmesi hökmünde halkyň ol ýa-da beýleki ýolbaşçynyň alyp barýan syýasatyna we hereketlerine ses berip, olaryň işlerine oňyn ýa-da oňyn däl baha bereninde, yzygiderli saýlawlar arkaly täzelenýär.
Özüňiz üçin Pamukkale-niň bejergi däplerini açyň
26.03.2024
|09:28
|1994
Türkiýe ýylyň islendik paslynda myhmanlara dynç alyşyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Meşhur türk hammamlary we SPA däpleri gadym döwürlerden bäri bu ýurdyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Dünýäniň iň gözel künjekleriniň biri bolan Pamukkalede suwa düşmegiň bu medeniýetinden lezzet almak, diňe bu täsin ýerde elýeterli bolan ýatdan çykmajak tejribedir.
Nowruz baýramy: bahar baýramçylygy we däp-dessurlary
20.03.2024
|12:00
|1671
Nowruz baýramy Türkmenistanda we türki dilli halklaryň ýaşaýan beýleki ýurtlarynda iň söýgüli hem-de hormatlanylýan baýramçylyklaryň biridir. Ol 21-nji martda bellenilip geçilýär we baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we tebigy senenama laýyklykda, täze ýylyň başlanmagyny aňladýar. Nowruz baýramy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan köp asyrlyk däpdir.