Iň täze habarlar

Özüňiz üçin Pamukkale-niň bejergi däplerini açyň

26.03.2024 | 09:28 |
 Özüňiz üçin Pamukkale-niň bejergi däplerini açyň

Türkiýe ýylyň islendik paslynda myhmanlara dynç alyşyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Meşhur türk hammamlary we SPA däpleri gadym döwürlerden bäri bu ýurdyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Dünýäniň iň gözel künjekleriniň biri bolan Pamukkalede suwa düşmegiň bu medeniýetinden lezzet almak, diňe bu täsin ýerde elýeterli bolan ýatdan çykmajak tejribedir.

Türkiýäniň günbatarynda, Deňizli şäherinden 20 km aralykda ýerleşýän Pamukkale ajaýyp trawertinleri we terassa howuzlary bolan hakyky tebigy täsinlikdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen obýektiň bölegi bolan trawertinler ummasyz bulutlary ýada salýar. Pamukkaleniň bejergi häsiýetli mineral suwlarynda suwa düşüp, özüňiz üçin bu künjegiň ajaýyp görnüşlerini açyň.

Ajaýyp tebigy täsinlik

Pamukkale köpleriň arzuw edýän ýeri hasaplanylýar we kislorodyň hem-de termal suwlaryň özara täsiri netijesinde emele gelen, owadan ak trawertinleri bilen meşhurdyr. Taryhyň we tebigatyň ajaýyp sazlaşygyndan emele gelen trawertinler hem-de olaryň mineral suwlary bejergi häsiýetli diýlip hasaplanylýar. Bu ýere her ýyl dünýäniň çar künjeginden adamlar saglyklaryny berkitmek üçin gelýärler.

Trawertinleriň aglabasynyň gowşak gurluşy bolandygy üçin gorag astyna alnandygyny bellemek gerek. Ýöne, myhmanlar trawertinleriň käbir ýerlerinde arkaýyn gezelenç edip bilerler. Trawertinleri gorap saklamak üçin, myhmanlara ol ýere girmezden ozal aýakgabyny we joraplaryny çykarmak teklip edilýär.

Gadymy bejergi suwlary

Pamukkaleniň trawertinleriniň ýakynynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Ierapol şäheri ýerleşýär. 2500 ýyl mundan ozal Pergamly patyşa Ewmen II trawertinleriň gözelligine haýran galyp,ol ýeriň ýakynynda şäher gurdurýar. Edebiýatlarda Ierapoly Mukaddes şäher diýip atlandyrýarlar, saklanyp galan gadymy binagärlik desgalary munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gadymy teatry, ybadathanalary, suw çüwdürimlerini, aramgähleri, agorany we gimnaziumy synlap, siz 2 müň ýyl mundan ozal ýaşan şähere syýahat edersiňiz. Plutoniý baradaky rowaýatlar hem sizde uly täsir galdyrsa gerek.

Tükeniksiz başdan geçirmeler

Trawertinleriň ýakynynda ýerleşýän Ierapol bu sebitde duş gelýän bejergi häsiýetli termal çeşmeleri üçin uzak wagtlap saglygyň we rowaçlygyň merkezi hasaplanypdyr. Öz taryhynyň dowamynda Ierapol bu termal suwlar bilen meşhur bolupdyr we häzirki wagtda hem bu suwlaryň bejergi häsiýetlerinden peýdalanmak isleýän myhmanlary özüne çekmegini dowam edýär. Antiki sütünler we mermer bilen gurşalan Gadymy howza çümmek sizde uly täsir galdyrar. Tutuş ýylyň dowamynda suwunyň ýylylyk derejesi 36 gardusa deň bolan bu gadymy howuz, şeýle hem Kleopatranyň howzy diýlip atlandyrylýar. Rowaýata görä bu ýerde Müsüriň adybelli şa zenany suwa düşüpdir.

Howuzdan muzeýe

Ierapolyň beýleki ähmiýetli desgalarynyň hatarynda Gadymy teatry we Ierapol muzeýini görkezmek bolar. Bu teatr Ortaýer deňzi sebitinde rim döwrüne degişli beýleki teatrlardan özboluşly relýefleri, ajaýyp sahnasy we oturgyçlary bilen tapawutlanýar. Bu teatryň çür depesine çykyp, daş-töwerege syn etmek sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ozal termal merkezi bolan rim hammamy häzirki wagtda Arhelogiýa muzeýine öwrüldi. Ierapol muzeýinde siz Laodikeýa we Tripolis ýaly ýakynda ýerleşýän taryhy ýerlerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylaryň görnüşleri bilen tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: