Türkiýede ýerli edaralara saýlawlar
01.04.2024 | 09:47 |Adalatly, aç-açan we yzygiderli saýlawlar häzirki zaman demokratiýasynyň esas goýujy aýratynlygydyr, ýolbaşçylaryň öz ygtyýarlyklaryny saýlawçylardan almagy onuň esasy talabydyr. Bu ygtyýarlyklar häkimiýetiň hakyky çeşmesi hökmünde halkyň ol ýa-da beýleki ýolbaşçynyň alyp barýan syýasatyna we hereketlerine ses berip, olaryň işlerine oňyn ýa-da oňyn däl baha bereninde, yzygiderli saýlawlar arkaly täzelenýär.
1946-njy ýylda köp partiýaly ulgam girizileli bäri, Türkiýe yzygiderli, adalatly we aç-açan saýlawlary geçirýän ýurtlaryň biri boldy. Türkiýede saýlawlar Ýokary saýlaw geňeşi (YSK) ýaly abraýly guramalaryň üsti bilen garaşsyz kazylaryň gözegçiligi astynda geçirilýär. Şeýlelik bilen, saýlawlaryň howpsuzlygyny we raýatlaryň saýlaw gutusyna bolan ynamyny üpjün etmek meselesinde Türkiýe ösen syýasy medeniýete eýedir.
Türkiýede saýlawlara we saýlaw gutusyna bolan ynamy saýlawlara gatnaşygyň görkezijilerinde görmek bolýar. Saýlawlara gatnaşygyň görkezijileri boýunça Türkiýe 2023-nji ýylyň 14-nji maýynda geçirilen Prezident we parlament saýlawlaryndan soň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna (YHÖG) agza ýurtlaryň arasynda iň ýokary gatnaşyk derejesi bolan üçünji ýurt boldy. Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň (YSK) berýän maglumatlaryna görä, 14-nji maýda geçirilen saýlawlara ilatyň gatnaşyk derejesi 88,92 göterim boldy, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, 28-nji maýda geçirilen saýlawlarda bolsa bu görkeziji 85,72 göterim boldy. YHÖG-niň hem-de Halkara demokratiýa we saýlawlara goldaw institutynyň (IDEA) berýän maglumatlaryna görä, Türkiýe 14-nji maýda geçirilen içerki saýlawlara gatnaşygyň derejesi boýunça ABŞ, Fransiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly YHÖG-niň Günbatardaky agzalarynyň köpüsinden öňe geçdi. Bu maglumatlaryň ýene bir haýran galdyryjy tarapy Türkiýede saýlawlara gatnaşygyň derejesiniň Şwesiýa, Daniýa, Täze Zelandiýa, Islandiýa, Niderlandlar we Norwegiýa ýaly saýlawlara gatnaşygyň görkezijisi 80% töweregi bolan ýurtlardan has ýokary bolmagydyr.
Türkiýede 31-nji martda, ýekşenbe güni ýerli saýlawlar geçiriler. Türkiýäniň demokratik gymmatlyklara ygrarlydygyny we onuň ýerli häkimiýet edaralary üçin täzeçil garaýşyny açyp görkezjek ýerli edaralara ählumumy saýlawlar milli we halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde, bu saýlawlaryň geçirilýän döwründe howpsuz we adalatly çäreleriň geçirilmegi ýerli häkimiýet edaralaryna ähmiýet berýän, sebitde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde Türkiýäniň demokratik taýdan kämillik derejesiniň alamatydyr.
Ilatyň zerurlyklaryny we talaplaryny kanagatlandyrmakda ilkinji orunda duran ýerli häkimiýetleriň döwrüň şertlerine laýyk dünýägaraýyşa we mümkinçiliklere eýe bolmagyny üpjün etmeklige uly ähmiýet berýändigimizi bellemek isleýärin. Bu işiň adamlaryň demokratik gatnaşygyny we olaryň ýerli häkimiýet edaralary bilen aragatnaşyklaryny pugtalandyrmakda netijeli ähmiýete eýedigi anyk hakykatdyr.
Dolandyryş merkezlerine innowasion çemeleşme ýurdumyzda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýär we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, aç-açanlygy, ähli ýagdaýlarda hasabatlylygy we iň esasysy hem durnukly ösüşiň tehnologiýalary hem-de taslamalary esasynda raýatlara niýetlenen dolandyryş merkezlerini döretmegi maksat edinýändigi bilen tapawutlanýar. 1994-nji ýyldaky ýerli saýlawlarda Stambul şäher häkimligini dolandyrmak wezipesini öz üstüne alan Prezidentimiz jenap Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda Türkiýe şol döwürde şäher häkimligi derejesinde halkyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça möhüm başlangyçlary durmuşa geçirip, bu görüşiň ilkinji möhüm ädimini ätdi we anyk nusgasyny görkezdi. Prezidentimiziň 30 ýyl mundan ozal öňe süren syýasatyny we hyzmatlar boýunça garaýşyny goldamak ýerli häkimliklerimiz üçin esasy syýasy goldanmadyr. Şol sebäpli, ýakyn wagtda geçiriljek ýerli saýlawlarda şuňa meňzeş garaýşyň hem-de hyzmat ediş çemeleşmesiniň milli we halkara giňişligindäki demokratik gymmatlyklarymyzy we jemgyýetçilik bitewiligimizi mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berer diýip hasaplaýarys.
2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçiriljek ýerli saýlawlara Türkiýäniň demokratik ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garaýarys. Bu saýlawlaryň Türkiýäniň sebitiň öňdebaryjy ýurdy hökmündäki abraýyny pugtalandyrmak üçin ýene bir ädimdigine we ýurdumyzyň demokratik taýdan kämilligini we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýokarlandyrýan möhüm waka boljakdygyna ynanýarys. Mundan başga-da, öňki saýlawlarda bolşy ýaly, bu saýlawlar hem türk halkyna demokratik işe has netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berer we şeýlelik bilen, demokratiýamyzy berkitmäge ýardam berer.
31-nji martda geçiriljek saýlawlarynyň ýene bir möhüm tarapy – bu saýlawlardan soň 4 ýyllap täze saýlawlaryň bolmazlygydyr. Bu 4 ýylyň dowamynda Türkiýe Prezidentimiz Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda başy başlanan ösüş maksatly başlangyçlary haýal etmän durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Soňky ýyllarda aragatnaşykdan diplomatiýa, ykdysady ösüşden infrastruktura maýa goýumlaryna çenli ähli ugurlarda hödürlenýän hyzmatlar dowam etdiriler. Mundan başga-da, täze raýat konstitusiýasy bilen «Türk asyryna» (Türkiye Yüzyılı) gadam basmak maksady geljek 4 ýyl üçin iň möhüm garaýyş we gün tertibi bolar.
Bu gözýetimiň çäklerinde Türkiýe demokratik ülňüleri ýokarlandyrmak, girdejileriň we abadançylygyň derejesini artdyrmak, şeýle hem özüni sebit we dünýä ähmiýetli işlerde wajyp orny eýeleýän ýurda öwrülmek arkaly «Türk asyryny» gurmaga çalyşar. Bu döwürde ileri tutýan garaýyşlarymyz, ozalkylary ýaly, sebitdäki gatnaşyklary we türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly «Türk asyrynyň» türki halklaryň asyryna öwrülmegini üpjün etmek bolar. Biziň iň esasy syýasy şygarymyz Türki Döwletleriň Guramasyny türki dünýäsiniň meselelerine hemişelik çözgüt tapmakda has täsirli we netijeli etmekde jemlenýär.
31-nji martda geçiriljek saýlawlar bilen Türkiýe diňe bir demokratik medeniýetine täze üstünlikli saýlawlary goşman, eýsem, ähli welaýatlaryny, esasanam Stambul we Ankara ýaly şäherleri türk asyryna taýýarlar. Milli ösüş, galkynyş we 6-njy fewralda bolan ýertitremeden ejir çeken şäherleriň gurluşygy, şeýle hem Stambul ýaly ýertitreme töwekgelçiligi ýokary bolan şäherleri durnukly şäherlere öwürmek saýlawlardan soň iň möhüm maksatlarymyz bolar.
Mundan beýläk, şu wagta çenli bolşy ýaly, Türkiýe hem demokratik amallaryň çäklerinde saýlawlary geçirer, onuň Hökümeti we oppozisiýasy ses berişligiň netijelerine hormat goýar we iň esasysy, halkara giňişliginde durnuklaşdyryjy güýç hökmünde «Türk asyryny» gurmagy dowam etdirer. Şeýlelikde, 31-nji martda geçiriljek ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlaryň Türkiýäniň içerki we daşarky ösüş depgini taýdan geljekki onýyllyklaryna täsir etmegi maksat edinýän saýlawlardygyny aýdyp bolar.
Türkiýäniň Prezidentiniň diwanynyň ýakyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun