Türkiýede maşgala bilen ýatdan çykmajak dynç alşy meýilleşdirmegiň wagty geldi
25.04.2024 | 11:02 |Ortaýer we Egeý deňizleriniň kenar ýakalary Türkiýäniň iň gözel ýerleriniň biridir. Bu ýerde tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly ajaýyp howa bolýar. Kenarýakasynda maşgala bolup dynç almak şeýle hem sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän kaşaň myhmanhanalar ýerleşýär. Mundan başga-da siz bu ýeriniň aşhanasy hem-de taryhy gadymy şäherleri bilen tanyşyp bilersiňiz. Bu ugur “Mawy baýdak” belgisi bolan plýažlarda suwa düşmek, gadymy harabalyklara we muzeýlere baryp görmek, Türkiýäniň ortaýer deňiz aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek isleýänler üçin ajaýyp ugurdyr.
Türk Riwýerasynyň merjeni
Türk Riwýerasynyň merkezi bolan Antalýa Türkiýede maşgala bolup dynç almak üçin iň meşhur ugurlaryň biridir. Bu ýerde ähli amatlyklary bolan kaşaň myhmanhanalaryň köpsanlysy bar. Mawy baýdak belgili plýažlarda dynç almak uly ýaşlylaryň, howuzlarda we akwaparklarda suwa düşmek bolsa çagalaryň göwnünden tursa gerek. Mundan başgada Antalýada siz öz çagalaryňyza ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş berip bilersiňiz.
Deňizden, güneşden we plýažlardan başga-da Antalýa özüniň taryhy bilen tapawutlanýar. Şäherde we şäheriň ýerleşýän welaýatynda dünýäniň iň kuwwatly siwilizasiýalarynyň köpsanly ýadygärlikleri bar. Antalýanyň “Köne şäherinde” - Kaleiçide Rim imperiýasyndan Osman imperiýasy döwrüne çenli degişli dürli desgalar saklanyp galypdyr. Patara, Perge, Faselis, Termosses, Aspendos, Side, Olimpos Antalýanyň şöhratly taryhyndaky esasy antik şäherleriniň birnäçesidir.
Siz maşgalaňyz bilen Türkiýede iň uzak pyýada ugur bolan Likiýa ýodasy boýunça gysga ýa-da uzak gezelenji amala aşyryp bilersiňiz.
Mundan başga-da Antalýada siz sportuň suwdaky görnüşleri, meselem: akwalangly suwastyndaky ýüzüş bilen meşgullanyp bilersiňiz. Daýwing üçin dünýäde iň meşhur ýerleriň onusynyň biri hasaplanýar. Belekde bolsa dünýä derejesindäki meýdançalarda golf oýnamak üçin ähli şertler bar. Antalýanyň tebigy täsinlikleri-kanýonlar, milli seýilgähleri we gowaklary hem özüneçekijidir. Olaryň hatarynda Karain we Damlataş gowaklaryny, Köprüli kanýonyny agzap geçmek bolar. Antalýa şeýle hem dynç alyş seýilgähleri bilen meşhurdyr. Bu seýilgähler siz bilen syýahatçylyk edýän çagalaryňyzyň göwnünden tursa gerek.
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarýakalarynyň syýahatçylyk ugurlary
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlaryny gurşap alýan Mugla hem özüniň tebigy gözelligi, baý taryhy we çagalar bilen syýahatçylyk edýänler üçin dürli amatlyklary netijesinde maşgala bilen dynç almak üçin uly islegden peýdalanýar. Bodrumdan Fethiýe çenli uzap gidýän sebitiň şypahanalary hemişe ajaýyp täsir galdyrýar. Bodrum diňe bir plýažlary bilen däl, eýsem taryhy bilen hem meşhurdyr. Bu ýerde Bodrum suwasty arheologiýa muzeýi ýerleşýär. Şeýle hem Bodrum sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin örän amatlydyr we bu ýerden meşhur “Mawy kruizler” badalga alýar. Mundan başga-da Bodrumda Mişlen ýyldyzlaryna mynasyp bolan birnäçe restoranlar bar.
Fethiýede dünýäbelli Ölideňiz kebelekleriň 80-den gowrak görnüşi bolan Kebelekler jülgesi we ajaýyp Kabak buhtasy ýerleşýär. Çagalar bilen gezelenç etmek üçin Saklykent kanýony hem amatlydyr. Marmaris bilen Fethiýeniň arasynda ýerleşýän Keýjegiz şäherinde deňiz pyşbagalaryna syn etmek bolýar. Mundan başga-da Fethiýede paraplanerizm Türkiýedäki möhüm merkezleriniň biri bolan Babadag dagy ýerleşýär.
ORIENT news