Türkiýäniň Safranbolu we Dadaý şäherleri Cittaslow toruna goşuldylar
06.04.2024 | 12:23 |Türkiýäniň Garadeňiz sebitiniň günbatarynda ýerleşýän kiçiräjik Safranbolu we Dadaý şäherleri Asuda şäherlerň halkara toruna (Cittaslow) girizildi. Bu baradaky çözgüt Cittaslow-yň Halkara utgaşdyrjy komitetiniň 23-nji martda Belgiýanyň Damma şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, Türkiýäniň Cittaslow-daky şäherleriniň sany 25-e ýetdi.
Bu tora goşulmak üçin Safranbolu we Dadaý 72 dürli ugurlar boýunça, şol sanda howanyň hili, ýerlagym ulgamlary, şäher meýilnamalaşdyrylyşynyň talabalaýyklygy ýaly ugurlar boýunça barlagdan geçdiler.
Safranbolu durnukly medeni miras bilen gyzyklanýanlara syýahat etmek üçin ajaýyp künjekleriň biridir. Ol şol bir wagtyň özünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem-de Cittaslow toruna girizilen ýeketäk ýerdir. Dadaý bolsa özüniň ajaýyp tebigaty we däp bolan türk myhmansöýerligi bilen meşhur bolup, syýahatçylara asuda dynç alşy hödürleýär.
Safranbolu: durnukly medeni miras
Garadeňiz sebitiniň günbataryndaky Karabük welaýatynyň syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Safranbolu taryhy köçeleri we binalary özünde jemleýän şäherdir. Gadymyýetde Paflagoniýa diýip atlandyrylan şäheriň häzirki Safranbolu ady bu ýerlerde bitýän “Şafran” ösümliginden gelip çykýar. Gomeriň “Iliada” poemasynda ady geçýän Safranbolu köp siwilizasiýlaryň, şol sanda hett, pars, rim we osmanly medeniýetleriň ojagy bolupdyr.
Aýratynda şäherde osmanly döwrüne degişli binagärlik desgalary özünde jemleýän etrapçany bellemek gerek. Ilaty 2 müň adama golaý bolan bu etrapça Türkiýede ýerli binagärligiň iň durnukly mysallarynyň biridir. XVIII, XIX we XX asyryň başyna degişli bolan bu binalaryň gurluşynda agaç bilen daş sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Bu jaýlaryň Günüň öňüni, şeýle hem ýakynyndaky goňşy jaýlaryň öňüni tutmajak şekilde ýerleşdirilmegi olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, bu ýerde gadymy binagärlige degişli beýleki desgalar hem bar. Şolaryň hatarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurulan Kinji Inn kerwensaraýyny, Kinji hammamy, howlusynda Gün senenamasy bolan Köprülü Mehmet Paşa metjidini, tutuşlygyna ýonulan daşdan gurulan we bu ugurda nusgalyk hasaplanylýan Izzet Paşa metjidini bellemek bolar. Bu etrapçanyň beýleki gözel ýerleriniň biri hem Türk kofesiniň muzeýidir. Bu ýerde türk kofesiniň taryhy bilen tanşyp bolýar.
Dadaý: ýerli we taryhy özboluşlylyk
Kastamonuň merkezinden 29 kilometr uzaklykda ýerleşýän Dadaý şäheri öz myhmanlaryny gündelik durmuşyň tebigatyň näzik akymy bilen sazlaşykly utgaşýan ýerine syýahatçylyk etmäge çagyrýar. Ajaýyp tebigy görnüşler we saklanyp galan binagärlik mirasy Dadaýyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Dadaý köp siwilizasiýalaryň, şol sanda Kaskianlaryň, hettleriň, rimlileriň we seljuklaryň ýaşap geçen ýeri bolup, Soltan Mehmet II-iň höküm süren döwründe Osmanly döwletine birleşdirilipdir. Dadaýyň ajaýyp köçelerinde şäheriň baý taryhy we medeni mirasy öz beýanyny tapýar. Bu ýerde osmanly döwrüne degişli, agaçdan ýonalyp bezelen öýleri, geçen döwürleri ýada salýan gyzgalaňly bazarlary görmek bolýar.
Taryhy binagärlik desgalaryndan başga-da, Dadaý işjeň dynç alyşy we tebigaty söýýänleri hem özüne çekýär. Ballydag sebitiniň ajaýyp tebigaty, Ýumurtajy we Taşçylar kölleri, Taşlybaýyr gowaklary syýahatçylarda uly täsir galdyrýar. Şeýle hem Osman imperiýasy döwründe Dadaý atçylygyň möhüm merkezi bolupdyr. Häzirki wagtda myhmanlar atçylyk hojalyklaryna baryp, bu ýerde at münmegiň tilsimlerini öwrenip, we atly gezelenç edip bilerler.
Cittaslow jenneti: Türkiýe
Cittaslow hereketi globallaşmagyň şäher durmuşyny birsydyrgynlyga öwrüp, onuň özboluşlygygny ýok eder howpuna jogap hökmünde ýüze çykdy. Cittaslow şäherlerinde durmuş haýal dowam edýär we ýerli binagärlik, däp-dessurlar, aşhana we taryh goralyp saklanýar.
Safranboluň we Dadaýyň Cittaslow toruna goşulmagy bilen bu tor Türkiýäniň 21 welaýatyndaky 25 etraby gurşap aldy. Izmir şäheriniň Seferihisar etrabynyň 2009-njy ýylda Cittaslow-a goşulmagy bilen Türkiýäniň Cittaslow tory esaslandyryldy we dowamly giňeýär.
Häzirki wagtda Cittaslow toruna Türkiýäniň Dadaý, Safranbolu, Finike, Ahlat, Akýaka, Arapgir, Egirdir, Foça, Gökjede, Gerze, Göýnük, Güdül, Halfeti, Iznik, Kemalie, Köýjez, Mudurnu, Perşembe, Şarköý, Şawşat, Sereferihisar, Uzundere, Wize, Ýalwaç we Ýenipazar şäherleri girýär.
ORIENT news