Iň täze habarlar

Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi

20.11.2024 | 13:55 |
 Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi

Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäre inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam etmäge we CAREC ýurtlarynyň halkara söwdanyň hereket edýän borçnamalaryna eýermäge taýýarlyklaryny goldamaga gönükdirilen Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada müşderilere iň gowy hyzmat etmekde iň gowy gümrük gullugy” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Mysal üçin, Serhetüsti kagyzsyz söwda baradaky Ylalaşyk, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy.

Koreýanyň hünärmenleri seminarda täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly mukdarda maglumat akymlary işinde serhetleri döwrebaplaşdyrmak tejribesi bilen paýlaşdylar.

Şeýle-de gatnaşyjylar serhetüsti sanly söwdanyň ýörelgeleri hem-de Koreýa we CAREC-iň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň arasynda ählumumy söwdany kämilleşdirmek meseleleri barada maslahatlaşdylar.

CAREC maksatnamasy (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) – bu sebitleýin maskatnama bolup, ol ulag, söwda, energetika we ykdysady geçelegeleri ösdürmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegi arkaly sebitde söwdanyň giňeldilmegine we maksatnamanyň agza-ýurtlarynyň işewürlik bäsdeşlige ukyplylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen.

ORIENT news

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: