Iň täze habarlar

Ida dagy: taryhyň, medeniýetiň we tebigatyň birleşýän ýerinde ekologiýa taýdan arassa dynç alyş

25.05.2024 | 08:58 |
 Ida dagy: taryhyň, medeniýetiň we tebigatyň birleşýän ýerinde ekologiýa taýdan arassa dynç alyş

Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida daglary “Kislarod gümmezi” ady bilen meşhurdyr. Bu ýerde tokay ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin amatly ýaşaýyş gurşawy bar. Ida daglaryna syýahat edeniňizde bu ýerleriň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri sizde uly täsir galdyrar. Ajaýyp tebigy gözelliklerden başga-da, siz gadymy obalar bilen tanşyp, ýerli aşhananyň tagamlaryndan dadyp bilersiňiz.

Ajaýyp tebigatda işjeň dynç alyş

Ida dagyna gelýän syýahatçylary dünýäde kislarodyň iň ýokary derejede jemlenen ýeri bolan ajaýyp tokaýlara gezelençler özüne çekýär. 21 müň gektar meýdany eýeleýän Kazdagy milli parkynyň içinden birnäçe pyýada ýodalar geçýär. Bu çäkler tebigaty söýüjileriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ýerlerde her ädimde diýen ýaly gözel künjekler duş gelýär. Iň meşhur pyýada ýodalar Hasanboguldu kölüne, Şahindere jaryna, Sütüwen we Myhly şaglawuklaryna eltýär. Syýahatçylar bu ýerde pknikleri guraýarlar, haýwanat dünýäsine syn edýärler we ýatdan çykmajak fotosuratlary çekýärler. Ida dagynyň gözelliklerinden kempingde hem lezzet alsaň bolýar. Munuň üçin ýörite bölünip berlen ýerde çadyp gurup, ýa-da agaç öýlerde ýaşap bilersiňiz.

Ýerli durmuş bilen tanyşlyk

Ida dagyna syýahat gök bürenip oturan obalar bilen tanyşmak üçin hem mümkinçilikdir. Dag eteklerinde 12 sany oba ýerleşip olaryň her birinde ýerli aşhananyň tagamlaryny hödürleýärler. Aýratyn rahat dynç almagy isleýän syýahatçylar gadymy daş öýlerden guralan butik myhmanhanalarda ýa-da pansionlarda galyp bilerler. Çanakkaleniň iň meşhur obalarynyň arasynda Ýeşilýurt we Adatepe obalaryna bellemek bolar.

Ýeşilýurt obasy daşdan salnan jaýlary, daş düşelen köçeleri, badam we zeýtun agaçlary, şeýle hem ýerli aşhanasy, ilkinji nobatda bolsa zeýtunly we zeýtun ýagynda taýýarlanan ertirlik naharlary bilen meşhurdyr. Küçükkuýu şäheriniň töweregindäki Adatepe obasy syýahatçylaryň arasynda özüniň saklanyp galan gadymy jaýlary bilen meşhur boldy. Bu ýerlere geleniňizde zeýtun ýagynyň muzeýine baryp görmek mümkinçiligini sypdyrmaň.

Küçükkuýu şäherine girilýän ýerde ýerleşýän muzeýde häzirki wagtda bolşy ýaly, gadymyýetde hem gymmatly bolan zeýtun ýagy barada gürrüň berilýär. Mundan başga-da, günüň dogýan we ýaşýan wagtlarynda ajaýyp görnüşleri synlamak bolýar. Ida dagynyň ýanyndaky obalaryň bazarlarynda ýerli we sebit önümleri, şol sanda senetçilik we ekololgiýa taýdan arassa önümler satylýar.

Şeýle hem Çanakkale syýahatyň dowamynda Gomeriň “Illiadasynda” Troýa söweşiniň ýerli hökmünde taryp edilen gadymy Troýany group bilersiňiz. Ol ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Troýa muzeýinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan we bu sebitiň medeniýetini açyp görkezýän taryhy tapyndylar bilen tanyşdyrylýar.

ORIENT news

Foto: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: