Günorta Koreýada bolan uçar heläkçiliginde iki adam diri galdy
29.12.2024 | 17:25 |Günorta Koreýanyň Muan şäherinde Boeing 737 ýolagçy uçarynyň heläkçiligi netijesinde 179 adam pida boldy, diňe iki adam diri galdy diýip, “Renhap” agentligi habar berýär.
Bu waka gonuş enjamynyň näsazlygy sebäpli ýüze çykdy, netijede uçar uçuş-gonuş zolagyndan çykdy we haýaty kakdy, şondan soň ot aldy.
Wakanyň sebäbi entek belli däl. häkimiýetleriň heläkçiligiň iki esasy sebäbine seretýändigini “Renhap” agentligi habar berýär: howa şertleri we uçaryň gonuş enjamlarynyň dykylmagyna sebäp bolan guş bilen çaknyşmagy.
“Jeju Air” kompaniýasynyň Boeing 737-800 uçary Bangkokdan Muan şäherine (Seuldan 290 km günortada) uçuşy amala aşyrýardy. Uçarda 181 adam, 175 ýolagçy we 6 ekipažyň agzasy bardy. Olaryň arasynda Günorta Koreýanyň 179 raýaty we Taýlandyň 2 raýaty bardy. Uçaryň yzky böleginde diri galan ekipažyň iki agzasy halas edildi we şikesleri bilen keselhana äkidildi.
ORIENT news