Iň täze habarlar

Forbes Education bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini atlandyrdy

30.12.2024 | 13:10 |
 Forbes Education bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini atlandyrdy

Forbes Education ilkinji gezek bilim ulgamynda ýylyň baş sözlerini kesgitlemek üçin bilim we magaryf ulgamynyň bilermenleriniň, dil biliminiň hünärmenleriniň, neşirleriň we ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de hususy we döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda ses berme geçirdi.

Her bir gatnaşyjy hödürlenen sanawdan üç sözden saýlap ýa-da öz şahsy teklibini aýdyp bilýärdi.

Ses bermegiň öňdebaryjylygyny 69,7 % sesi gazanan “emeli aň” adalgasy boldy. Bu saýlama bilim prosesinde tehnologiýalaryň artýan täsirini açyp görkezip, emeli aňyň okuw maksatnamalaryna girizilmeginiň wajyplygyny belleýär.

Ikinji ýerde 19,7 % eýe bolan “halypaçylyk” sözi dur. Bu hem bilim gurşawynda mugallymyň ornunyň üýtgemegini tassyklaýar: indi ol diňe bir bilimleri bermän, eýsem halypa hökmünde çykyş edip, okuwçylaryň ukyp-başarnyklarynyň ösmegine ýardam edýär.

Üçünji ýeri 18,2 % ses bilen “şahsylaşdyrma” sözi eýeledi. Bu bolsa her bir okuwçynyň özboluşly zerurlyklaryny göz öňünde tutýan okatmagyň şahsy çemeleşme zerurlygyny görkezýär.

Iň gowy bäşligiň sanawyna her birisi 13,6 % sese eýe bolup, “dersara” we “kwadrober” adalgalary girizildi. Bu sözler zähmet bazarynda hem-de okuw çemeleşmelerinde häzirki zaman ugurlaryny şöhlelendirýär. Onluk sanawyna “hususy mekdepler”, “kollej”, “maliýe sowatlylygy”, “geýmifikasiýa” we “Sferum” ýaly adalgalar girizilip, olar bilim ugamynda derwaýys mowzuklaryň köpdürliligini açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: