Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwrine badalga berildi
02.01.2025 | 11:15 |Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň II ýarymýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler.
Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.
ORIENT news