Iň täze habarlar

Täze ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä indi

02.01.2025 | 11:55 |
 Täze ýylda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä indi

Düýn Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň ilkinji buşluk habary gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular. Parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, bagtyň nyşany bolan akja bäbek, Atageldiýewleriň agzybir maşgalasy bilen birlikde, täze şäheriň ilatynyň, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, öz ady bilen bile dünýä indi.

Uly ruhubelentlik, ajaýyp arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň ikinji ogul perzende gözi düşdi. Bu — döwletlilikden nyşan. «Döwletliden döwlet ýokar» diýlenine eýerip, Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan watandaşlarymyz täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn bolmagy, il-güne gerekli gerçek goç ýigit bolup ýetişmegi baradaky ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi. Şeýle ajaýyp, guwandyryjy pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Atageldiýewleriň maşgalasyna iberen sowgatlary gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlary aýdyldy. Bu ajaýyp waka bolsa bagtyýar ene-atanyň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.

— Şular ýaly şatlykly günlerde ähli dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň, ildeşleriň ýanyňdadygyny görmek, olaryň ýagşy arzuwlaryny eşitmek diýseň ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp sowgatlar we mähirli sözler bilen maşgalamyzy gutlamagy bolsa bizi has-da begendirdi. Täze ýylyň bütin halkymyz tarapyndan oňlanylan şygaryndan ruhlanyp hem-de milli däp-dessurlarymyza eýerip, ýanýoldaşym bilen bilelikde täze doglan oglumyza Parahat diýip at goýduk. Ol — biziň ikinji perzendimiz. Birinji oglumyz Sahymergen jan doglanda hem güler ýüzli lukmanlardyr şepagat uýalary ýokary derejede hyzmat edipdiler. Bu gezek hem şeýle boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, oglanjygyň ejesi Orazjahan Atageldiýewa buýsanç bilen aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl hem ýurdumyzda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä inipdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýat bolan täze şäherde täze durmuşyň gülleýändiginiň ajaýyp alamatydyr. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda giň gerimli işleriň ýola goýlandygyny, bu ugurda döwrebap saglyk merkezleriniň gurlup ulanmaga berlendigini, olarda kämil enjamlaryň ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Parahatjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.

Orazjahan hem-de Ýazmergen Atageldiýewler öz perzentlerini ata Watanymyza, il-günümize wepaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ilhalar ogullar edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: