TDHÇMB-da söwdalaşyklar: setin agardylmadyk mata, “TPP D 30 S” markaly polipropilen we suwaldylan gaz ýerlenildi
28.12.2024 | 09:50 |27-nji dekabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen setin agardylmadyk matany satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen suwladylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenitsanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 540 000 manada we 557 000 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu saldyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news