Iň täze habarlar

Hytaýda dünýäniñ iñ çalt elektrik otlynyñ ilkinji görnüşleri bilen tanyşdyrdylar

31.12.2024 | 12:07 |
 Hytaýda dünýäniñ iñ çalt elektrik otlynyñ ilkinji görnüşleri bilen tanyşdyrdylar

Pekinde CR450 dünýäniñ iñ çalt elektrik otlynyñ ilkinji görnüşleri bilen tanyşdyrdylar. Ol 400 km/s tizlik bilen hereket edip biler.

Taslama "Hytaýyñ demir ýollary" Döwlet korporasiýasy tarapyndan işläp taýýarlandy. Synaglaryñ netijesinde otly 450 km/s iñ ýokary tizligini görkezdi. Bu hem ýokary tizlikli demir ýol ulaglary pudagy boýunça Hytaýyñ gazananlaryny açyp görkezýär.

Täze otly häzirki wagtda hereket edýän CR400 modellerinden ep-esli derejede çalt. Hytaýyñ demir ýollary CR450 otlynyñ tehniki aýratynlyklaryny gowulandyrmak maksady bilen demir ýol ugurlarynda goşmaça synaglary geçirmegi hem-de onuñ tiz wagtda täjirçilik ulanşyna girizmegi üpjün etmegi meýilleşdirýär.

Bu otlunyñ Hytaýyñ ulag infrastrukturasynyñ ösüşinde möhüm ädim bolup, ýolagçy daşalmalarynyñ netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna garaşylýar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: