Iň täze habarlar

“Berkarar” söwda-dynç-alyş merkeziniň iň gowy restoranyny saýladylar

02.01.2025 | 15:55 |
 “Berkarar” söwda-dynç-alyş merkeziniň iň gowy restoranyny saýladylar

Aşgabadyň “Berkarar” söwda-dynç-alyş merkezinde “2024-nji ýylyň iň gowy restorany” atly sms arkaly ses-bäsleşigi tamamlandy. Merkeziň ikinji gatynda ýerleşen “MB” restorany bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Ozal habar berilşi ýaly, sms arkaly ses bäsleşigi “Berkarar” söwda-dynç-alyş merkeziniň onýyllygy mynasybetli Merkeziň administrasiýasy tarapyndan yglan edildi. Iň gowy restoran adyny almak ugrunda Merkeziň çäginde ýerleşen 18 sany kafe we restoran bäsleşdi.

Ses-bäsleşigiň netijeleri Turkmen.tv saýtynda neşir edildi. Ikinji ýere “Mandarin” restorany, üçünji ýere bolsa “Coffee grounds” mynasyp boldylar.

ORIENT news

Foto: tripadvisor.com

Şeýle hem okaň: