Iň täze habarlar

Rumyniýa we Bolgariýa resmi ýagdaýda Şengen zolagyna goşuldylar

02.01.2025 | 13:20 |
 Rumyniýa we Bolgariýa resmi ýagdaýda Şengen zolagyna goşuldylar

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Rumyniýa we Bolgariýa resmi ýagdaýda Şengen zolagyna goşuldylar.

Bu waka 18 ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolup durýan iki ýurt üçin hem möhüm ädim boldy diýip, Euronews habar berýär.

Bolgariýanyň we Rumyniýanyň Içeri işler ministrleri Atanas Ilkow we Ketelin Predoýu Dunaý üstünden serhet nokadynda Şengen boýunça erkin gatnaw üçin hukugyny açdyar. Indi bu ýurtlaryň 25 mln ýaşaýjylary serhetlerde pasport gözegçiligini geçmezden takmynan 450 mln raýaty bolan Ýewropa Bileleşiginiň çägi boýunça erkin syýahat edip bilerler.

Şengen zolagyna goşulmak köp ýyllaryň dowamynda Sofiýa bilen Buharestiň Şengene girmegine garşy çykan Awstriýanyň weto hukugyny ýatyrmagynyň netijesinde mümkin boldy. 2-nji ýanwardan başlap ÝB ýurtlarynyň 100 adamlyk polisiýasy tarapyndan Türkiýe bilen serhedine gözegçilik etmek işi başlar, bu hem Şengen zolagynyň daşky serhedinde howpsuzlygy üpjün eder. Bu waka Rumyniýanyň we Bolgariýanyň raýatlaryna täze mümkinçilikleri berip, olara artykmaç resmi işlerini ýerine ýetirmezden syýahat etmäge we bu ýurtlarda syýahatçylygy ösdürmäge ýol açar.

ORIENT news

Foto: unn.ua

Şeýle hem okaň: