Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen energetika we daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy
02.01.2025 | 12:05 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.
С5+O.N.E. (Opening Networks through English) maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda dürli hünärleri boýunça başlangyç, orta we ýokary derejeli hünärmenleriň arasynda iňlis dilini ösdürmäge gönükdirilen özboluşly maksatnama bolup durýar. Bu maksatnama döwlet we jemgyýetçilik pudaklarynyň, hususy kärhanalarda işleýän hünärmenleriň arasynda iňlis dili arkaly aragatnaşygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol Merkezi Aziýanyň hünarmenleriniň arasynda halkara aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, energiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda tejribe alyşmagyna uly goşant goşýar.
Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda başlap hünärmenlere 9 aýyň dowamynda iňlis dili sapaklary okadyldy. 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde ýurt boýunça С5+O.N.E. (Opening Networks through English) maksatnamasynyň jemleýji tapgyry we şahadatnama gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara ýurt boýunça 120-den gowrak hünärmen gatnaşyp, 35 sany gatnaşyjy ýeňiji bolup, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar.
ORIENT news