Aziýa Ösüş Banky Türkmenistana energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek işinde goldaw berer
17.12.2024 | 16:05 |Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Türkmeinstanyň çaltlandyrylan “ýaşyl” transformasiýasynda gaýdatan dikeldilýän energiýa çeşmeler ugrunda integrirlenen çözgütleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamasyny goldamakda tehniki kömegini bermegi göz öňünde tutýar. AÖB-a salgylanyp Trend-iň habar bermegine görä, bu taslama ýurduň ekologiýa durnuklylygyna ýardam eder hem-de ählumumy energiýanyň gaýtadan dilekdilýän çeşmelerine geçmekde onuň ornuny berkider.
Gün energiýasyny ornaşdyrmak, şol sanda täze Arkadag şäheri ýaly innowasion “akylly” we “ýaşyl” şäherleri döretmek üçin jikme-jik ýol kartasynyň işläp taýýarlanylmagy esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu taslamanyň çäklerinde bahalandyrmak we tehniki-ykdysady esaslandyrmak işleri geçiriler, şeýle hem şäher zolagynda gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy işläp başlar.
Bu synag taslamasynyň gaýatadan dikeldilýän energiýanyň her ýylda 4 GWt/s köpräk generasiýasyny üpjün etjegine garaşylýar, bu bolsa parnik gazlaryny ýylda 3 müň tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi göz öňünde tutýar, bu bolsa ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, kömürturşy zyňyndylarynyň azalmagyna we täze eksport bazarlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän “ýaşyl” energiýa geçelgeleriniň döredilmegine täze ýollary açar.